Demirgazyk Koreýa kontinentara ballistiki raketa synagynyň üstünlikli geçendigini habar berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny geçirendigini beýan edipdi

857183
Demirgazyk Koreýa kontinentara ballistiki raketa synagynyň üstünlikli geçendigini habar berdi

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi teleýaýlymy “Hwasong-15” atly kontinentara ballistiki raketanyň synagdan geçirilendigi habar berdi

“Ýurduň lideri Kin Ýong-unyň buýrugy bilen geçirilen synaglaryň üstünlikli tamamlanandygy” beýan edilýän habarda “şol raketanyň Amerikany urup biljek ukyba eýedigi” öňe sürüldi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny geçirendigini beýan edipdi.

Goranmak ministri Jeýms Mattis atylan raketanyň müň kilometr uçandan soň Ýapon denizine, Ýaponiýanyň guryýer suw giňişligine degişli ýere düşendigini aýdypdy.

Demirgazyk Koreýanyň soňky raketa synagy boýunça degişli çäreleri görjekdiklerini duýduran ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp; “Mesele bilen gyzyklanarys. Ol seljerilmeli waka” diýipdi.

Ýaponiýanyň hökümeti bolsa meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary mejlis geçirdi.



Degişli Habarlar