NATO Türkiýäniň Russiýadan almak isleýän S-400 ulgamy bilen bagly beýanat berdi

Beýleki tarapdan Pawel Türkiýäniň hem geografik ýerleşişi taýdan hem-de alýansyň iň uly 2-nji goşunyna eýe bolmagy taýdan NATO üçin möhüm bir partnýordygyny nygtady

857050
NATO Türkiýäniň Russiýadan almak isleýän S-400 ulgamy bilen bagly beýanat berdi

NATO-nyň Harby komitediniň başlygy çeh general Petr Pawel Türkiýäniň Russiýadan satyn almak isleýän S-400 raketa goranyş ulgamy bilen bagly kararyny kabul etmekden başga çäreleriniň ýokdygyny belledi.

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda çap edilýän U.S News žurnalyna beyanat beren Pawel: “Bu ýagdaýa örän pragmatik ýagdaýda garamalydyrys. Başga alternatiwamyz barmy? Türkiýäniň bu meseleleri maslahatlaşmaga taýardygyny bilip, käbir meseleler sebäpli Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzy bozmalymy? Bu örän oýlanşyksyz edilen hereket bolardy” diýdi.

Hem Türkiýäniň hemde alýansyň bar bolan meseleleriň ählisini orta atmak isleýändigini aýdan Pawel S-400 meslesine çözgüt tapjakdyklaryny belledi.

Beýleki tarapdan Pawel Türkiýäniň hem geografik ýerleşişi taýdan hem-de alýansyň iň uly 2-nji goşunyna eýe bolmagy taýdan NATO üçin möhüm bir partnýordygyny nygtady.


Etiketkalar: #NATO , #general , #çeh , #Türkiýe , #S-400

Degişli Habarlar