Gruziýada 1 günlik milli ýas yglan edildi

Batumi şäherindäki Leogrand myhmanhanasynda geçen hepdäniň anna güni ýüze çykan ýangynda Gruziýanyň 10 raýaty we Eýranyň 1 raýaty bolmak bilen jemi 11 adam ýogalypdy

855777
Gruziýada 1 günlik milli ýas yglan edildi

Gruziýanyň Batumi şäherindäki myhmanhanalaryň birinde ýüze çykan ýangynda 11 adamyň ýogalmagy sebäpli şu gün Milli ýas yglan edildi.

Gruziýanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwiliniň buýrugyna laýyklykda 27-nji noýabrda milli ýas yglan edildi we ýurtdaky ähli baýdaklar ýarpa düşürildi.

Batumi şäherindäki Leogrand myhmanhanasynda geçen hepdäniň anna güni ýüze çykan ýangynda Gruziýanyň 10 raýaty we Eýranyň 1 raýaty bolmak bilen jemi 11 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar