“Assoşeýted Pres” Russiýanyň kiber hüjümleri barada täze maglumat ýaýratdy

ABŞ-nyň Federal barlag ofisiniň Russiýanyň kiber hüjümlerine sezewar bolandyklaryny anyklandygyna garamazdan köp sanly amerikaly ýolbaşça maglumat bermändigi ýüze çykdy

855541
“Assoşeýted Pres” Russiýanyň kiber hüjümleri barada täze maglumat ýaýratdy

Bu barasynda “Assoşeýted Pres” habarlar gullugynyň habarynda beýan edilýär.

Habarda beýan edilmegine görä Federal barlag ofisi ruslaryň köp sanly amerikaly ýolbaşçynyň gmail hasaplaryna kiber hüjümini gurandygyny delillendirendigine garamzdan şol ýolbaşçylara maglumat bermedi.

Habarda Kremle ýakyndyğy öňe sürülen “Fansi Bear” atly “kiber içalylyk” toparynyň 2015-nji ýylda ABŞ-da 80 ýolbaşçynyň hasabyna hüjüm gurandygy, Federal barlag ofisiniň şolardan diňe 2 sanysyna maglumat berendigi nygtalýar.

Rus kiber hüjümlerine sezewar bolandyklaryny “AP-niň” habaryndan öwrenendiklerini beýan eden käbir ýolbaşçylar şeýle hüjümler barada Federal barlag ofisiniň maglumat bermelidigini mälim etdiler.

Federal barlag ofisi tankydy belliklerden soň çap eden beýannamasynda: “Federal barlag ofisi potensial howp astyndaky raýatlara we guramalara yzgiderli maglumat berýär” diýilýär.

Russiýanyň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawyny kiber hüjümler arkaly gönükdirendigi baradaky habarlaryň çykmagyndan soň başladylan derňew işleri Amerikan Kongresinde we Ýörite ygtyýarly prokuror Robert Mýulleriň jogapkärçiliginde dowam edýär.



Degişli Habarlar