NATO aýda 500-e golaý kiber hüjüme sezewar bolýar

Bu barada NATO-nyň Habarlar we maglumatlar gullugynyň baş müdiri Kewir Sçeid habar berdi

854308
NATO aýda 500-e golaý kiber hüjüme sezewar bolýar

NATO-nyň Habarlar we maglumatlar gullugynyň baş müdiri Kewir Sçeid Brýusseldäki Ýewropanyň goranyş gullugynyň 2017-nji ýyldaky maslahatynda hyzmatdaşlygyň kiber goranyş ulgamy boýunça işleri barada maglumat berdi.

Kiber goranyş boýunça ýurtlaryň ukybyny artdyrmak üçin maglumat alyşmagyň möhümdigini nygtan Sçeid bu ugurda NATO-nyň ÝB bilen edýän hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Kiber hüjümleri sunamilere meňzeden Sçeid şol sebäpli öňünden duýduryjy ulgamlaryň möhümdigini aýtdy.

“NATO-nyň kiber ulgamy aýda ortaça 500 gezek hüjüme sezewar bolýar” diýen Sçeid, hüjümleriň kimler tarapyndan guralýandygy barada maglumat bermedi.

NATO kiber ulgamyny howa, guryýer we deňiz ýaly harby ugur hökmünde kabul edýär.

NATO-nyň Goranmak ministrleriniň derejesinde aýyň başynda geçirilen maslahatynda şeýle hüjümlere garşy göreşi güýçlendirmek üçin täze Kiber operasiýalar merkeziniň döredilmegi barada karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar