Yragyň çöllük sebiti DAIŞ-den saplanmaga başlady

Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy ýurdyň çöllük ýerlerinde giň-gerimli saplaýyş operasiýasy başladyldy

853494
Yragyň çöllük sebiti DAIŞ-den saplanmaga başlady

DAIŞ-e garşy harby operasiýalardan jogapkär Abdulemir Ýarullah beren ýazmaça beýanatynda: “Ýurdyň Ýaragly güýçleri we şaýy Haşdi Şabi söweşijiler Salahaddin, Mosul we Enbar şäherleriniň arasynda ýerleşýän El Jezire we Ýewfrat derýasynyň ýokary akymlarynda DAIŞ-e garşy giň-gerimli saplaýyş operasiýasyny başlatdy” diýdi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi sişenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda DAIŞ-iň Yrakda harby taýdan ýok edilendigini habar beripdi.


Etiketkalar: #DAIŞ , #çöl , #operasiýa , #Mosul , #Enbar

Degişli Habarlar