Galplyk etmekde aýyplanýan Ysraýylyň Premýer ministri 6-njy gezek düşündiriş berdi

"Hiç zat çykmady  we çykmaz sebäbi hiç zat ýok”

851146
Galplyk etmekde aýyplanýan Ysraýylyň Premýer ministri 6-njy gezek düşündiriş berdi

 

Galplyk etmekde aýyplanýan Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu 6-njy gezek düşündiriş berdi.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçlerinden berlen ýazmaça beýanatda Netanýahunyň ofisinde birnäçe sagat düşündiriş berendigi nygtaldy.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa düşündirişiň 4 sagat dowam edendigini ýazdy.

Düşündirişden soň Twitter arkaly beýanat beren Benýamin Netanýahu gaplyk edendigi hakyndaky aýyplamalary kabul etmedi we “Hiç zat çykmady  we çykmaz sebäbi hiç zat ýok” diýdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň işewür adamlaryndan para alandygy we Germaniýada deňizasty gämileriniň alynmagy etabynda galplyk edendigi öňe sürülýär.

 



Degişli Habarlar