"Saud Arabystanynyň Şasy geljek hepde täjini 32 ýaşyndaky ogly Salamana geýdirer"

Saud Arabystanynyň Şasy Salmanyň geljek hepde täjini 32 ýaşyndaky ogly Mirasdar Şazada Muhammed Bin Salamana geýdirjekdigi öňe sürüldi

849897
"Saud Arabystanynyň Şasy geljek hepde täjini 32 ýaşyndaky ogly Salamana geýdirer"

Iňlis Daily Mail gazetiniň Şalyga ýakyn töwereklere esaslanýan habaryna görä, Şa Salman mundan soň syýasatda däl eýsem Britaniýadaky  Şa aýal ýaly rol alar we diňe “Keramatly ybadathanalaryň goragçysy” bolar.

Şanyň ogluna täç geýdirmegi Şazada Muhammed Bin Salmanyň üstümizdäki aýyň başynda galplyga garşy göreş operasiýasy bilen başlan häkimiýet ýörişiniň soňky halkasy hökmünde analiz edilýär.

Wezipe çalşygyndan soň  Saud Arabystanynyň täze Şasy Bin Salmanyň  gün tertibinde Saud Arabystanynyň sebitdäki esasy bäsdeşi nebit öndürijisi Eýranyň esasy orun eýelejekdigi nygtalýar.

Saud Arabystanynda 4-nji noýabrda başlan galplyk operasiýasy dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekipdi.

Operasiýanyň çäginde 200-den gowrak şazada, hökümet ýolbaşçysy, ýokary derejeli harbylar we işewür adamlary galplyk edendikleri sebäpli saklanypdy.

Galplyga garşy göreş operasiýasyny 32 ýaşynda Mirasdar Şazada Muhammed Bin Salman başladypdy.

Mirasdar Şazada täze döredilen galplyga garşy göreş komissiýasynyň ýolbaşçylygyny hem ýerine ýetirýär.

Saudy hökümeti opersiýanyň çäginde 208 adam hakynda kaziýet işiniň gozgalandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar