Owganystanyň paýtagty Kabulda kamikaze hüjümi guraldy

Wakada 9 adam ýogaldy

849129
Owganystanyň paýtagty Kabulda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabuldaky toý mekanlarynyň biriniň girelgesinde guralan kamikaze hüjüminde 9 adam ýogaldy.

Içeri işler minstrliginiň metbugat geňeşçisi Najib Daniş kamikaze hüjümçiniň üstündäki bombany Kasry Nawin atly toý mekanynyň girelgesinde partladandygyny habar berdi.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä polisiýa gullugynyň 7 işgäri bilen asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygyny aýdan Daniş hüjümde şeýle hem 9 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Daniş hüjümçiniň toý mekanynyň içinde ýygnak geçirýän Jemiýeti Yslam partiýasynyň agzalaryny nyşana almak isländigini habar berdi.

Şaýatlar hüjümçiniň toý mekanyna girmäge synanyşan mahaly polisiýa tarapyndan görülendigini we üstündäki bombany partadandygyny bellediler.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar