Pentagon PKK/PÝD-niň DAIŞ bilen baglaşan şertnamasyna goýýandyklaryny mälim etdi

Pentagonyň metbugat geňeşçilerinden Erik Pahon terror guramalarynyň arasyndaky ylalaşygy “ýerli meselä tapylan ýerli çözgüt” hökmünde häsiýetlendirdi

847865
Pentagon PKK/PÝD-niň DAIŞ bilen baglaşan şertnamasyna goýýandyklaryny mälim etdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon terror guramasy PKK/PÝD-niň Siriýanyň Rakka şäherini terk etmekleri üçin DAIŞ bilen baglaşan gizlin şertnamasyndan habarly bolmandyklaryny emma sarpa goýýandyklaryny mälim etdi.

Pentagonyň metbugat geňeşçilerinden Erik Pahon terror guramalarynyň arasyndaky ylalaşygy “ýerli meselä tapylan ýerli çözgüt” hökmünde häsiýetlendirdi.

Pahon Rakkada asuda ilatyň sanynyň köplügi sebäpli ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň DAIŞ-e garşy howa hüjümini guramakda kynçylyk çekýän günlerinde Siriýada SDG adyny ulanýan PKK/PÝD-niň DAIŞ bilen şertnama baglaşandygyny aýtdy.

Şertnamanyň asuda ilatyň goralmagy maksady bilen baglaşylandygyny aýdan Pahon, “Hyzmatdaşlarymyz bilen hemişe ylalaşykly hereket edip bilmeris, emma olaryň öz kynçylyklaryny çözmegine sarpa goýýarys” diýdi.

Pahon şäherden aýrylan asuda ilatyň ýeke-ýekeden barlanandygyny, aralaryndaky daşary ýurtly terrorçylaryň bolsa tussag edilendigini belledi.

Iňlis ýaýlym guramasy BBC Rakkada terror guramalary DAIŞ bilen PKK/PÝD-niň ararasyndaky şertnama laýyklykda 3500 DAIŞ terrorçysy bilen maşgalalarynyň geçen aý howpsyz ýagdaýda göçürlendigini habar beripdi.

 


Etiketkalar: #Pentagon , #Rakka , #ilat , #DAIŞ , #PKK , #PÝD

Degişli Habarlar