Ýemendäki ýangyç ätiýajy üstümizdäki aýyň ahyryna çenli gutarar

Holera epidemiýasynyň 6 million adama ýaramaz täsirini ýetirip biler

846149
Ýemendäki ýangyç ätiýajy üstümizdäki aýyň ahyryna çenli gutarar

BMG Ýemendäki ýangyç ätiýajynyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli gutaryp biljekdigi barada duýduryş berdi.

BMG-dan berlen beýanatda Ýemendäki ýangyç ýetmezçiliginiň holera epidemiýasyna garşy göreşýän BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi ÝUNISEF-iň alyp barýan arassa agyz suwy, lagym we arassaçylyk işlerine ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi nygtaldy.

Beýanatda holera epidemiýasynyň 6 million adama ýaramaz täsirini ýetirip biljekdige üns çekildi.

Ýemenden Saud Arabystanyna 4-nji noýabrda balistiki roketalaryň atylmagyndan soň Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri Ýemendäki ähli gümrük geçelgeleri bilen portlaryň wagtlaýyn ýapylmagy hakynda karar kabul edipdi.

 

 


Etiketkalar: #ýangyç , #epidemiýa , #holera

Degişli Habarlar