Talibanly terrorçylar polisiýa gullugynyň ençeme işgärini öldürdi

Taliban bolsa hüjümde 40-dan gowrak polis işgärini öldürendiklerini öňe sürdi

847063
Talibanly terrorçylar polisiýa gullugynyň ençeme işgärini öldürdi

Owganystanyň Kandagar şäherinde terror guramasy Talibana agza terrorçylaryň polisiýa bölümine guran hüjüminde polisiýa gullugynyň 22 işgäri ýogaldy.

Kandagaryň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Ziýa Durani terror guramasy Taliban tarapyndan düýn agşam Meýwend we Jireý etraplarynda polisiýa bölümlerine guralan hüjümlerde polisiýa gullugynyň 22 işgäriniň ýogalandygyny, 15-siniň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Durani hüjümden soň ýüze çykan çaknyşygyň takmynan 2 sagat dowam edendigini, Talibana agza 40 terrorçynyň öldürilendigini, 35 terrorçynyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Taliban bolsa hüjümde 40-dan gowrak polis işgärini öldürendiklerini öňe sürdi.



Degişli Habarlar