Eýranda ýer titremesi sebäpli 328 adam ýogaldy

Kyrmanşah welaýatynda ýer titremesi sebäpli welaýatda 3 gün milli ýas yglan edildi

846168
Eýranda ýer titremesi sebäpli 328 adam ýogaldy

 

Yrakda bolan 7,2 bala barabar ýer titremesi Eýrana hem ýaramaz täsir ýetirdi.

Eýranyň ýarym resmi Tesnim habarlar gullugy  Eýranda ýer titremesi sebäpli 328 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Kyrmanşah welaýatynda täsiri güýçli bolan ýer titremesinde ýaralanan 2504 adam hem goňşy şäherlerdäki hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Beýleki tarapdan Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý ýer titremesinde ýogalanlara gynanç bildirdi, ýer titremesinde ejir çekenlere gyssagly kömek bermegi üçin döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara we ýaragly güýçlerine görkezme berdi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani hem ýer titremesinde ejir çekenlere gyssagly kömegiň berilmegi üçin Wise-premýer İshak Jihangire ýörite görkezme berdi.

Kyrmanşah welaýat häkimliginden berlen beýantda ýer titremesi sebäpli welaýatda 3 gün milli ýas yglan edildi.

 



Degişli Habarlar