Watikanda çilim satmak gadagan edilýär

Papalygyň ynsanynyň saglygyna uly zeper ýetirýän şuňa meňzeş işlere goşant goşmak islemeýändigi sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy

844526
Watikanda çilim satmak gadagan edilýär

Watikandan berlen beýanatda Papa Fransiskiň görkezmesine laýyklykda gullukçylaryň gümrüksiz harytlar dükany bilen birlikde beýleki dükanlardan çilim satyna almagynyň gadagan ediljekdigi nygtaldy.

Papalygyň ynsanynyň saglygyna uly zeper ýetirýän şuňa meňzeş işlere goşant goşmak islemeýändigi sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Beýanatda Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň çilimiň dünýäde her ýyl 17 milliondan gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolýandygyny görkezýän habarnamasyna üns çekildi.

2015-nji ýylda berlen habarlara görä, Watikan gümrüksiz harytlar dükanynda satylýan çilimden ýylda 10 million ýewrolyk girdeji gazanýar.

 


Etiketkalar: #Watikan , #çilim , #gadagan , #habar , #haryt , #dükan

Degişli Habarlar