Iňlis ministr Ysraýyla guran gizlin sapary sebäpli wezipesinden çekilmeli boldy

Birtaniýanyň Halkara galkynyş ministri Priti Patel Ysraýylly ýolbaşçylar bilen gizlinlikde duşuşandygynyň paş bolmagyndan soň wezipesinden çekildi

844241
Iňlis ministr Ysraýyla guran gizlin sapary sebäpli wezipesinden çekilmeli boldy

Resmi sapar bilen Uganda barandan soň Premýer ministr Teresa Meý tarapyndan şu gün gyssagly yzyna çagyrlan Patel, Premýer ministr Teresa Meý bilen bolan 30 minutlyk duşuşygyndan soň wezipesinden çekildi.

Awgust aýynda dynç almak üçin Ysraýyla giden we iki günüň dowamynda ysraýylly käbir syýahatçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we firmalaryň ýolbaşçylary bilen ýurdunyň Daşary işler ministrliginden bihabar duşuşandygy ýüze çykan Patel ýazmaça beýanat berdi.

Öz hasabyna dynç almak üçin Ysraýyla giden Patel “Ol ýerde iki çäk duşuşyklar geçirdim. Emma munyň ýalňyş analiz ediljekdigi barada pikir etmedim. Munyň üçin gaty gynanýaryn we ötünç soraýaryn” diýdi.

Patel Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, Howpsyzlyk ministri Gilad Erdan we Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylaryndan Ýuwal Rotem bilen duşuşandygyny aýtdy.

Oppozisiýadaky Işçi partiýasy Pateliň wezipesinden çekilmegini isleýärdi.

 

 



Degişli Habarlar