Ukraina Russiýa bilen ozal gazanylan ýene-de bir ylalaşykdan çekildi

Ukrainanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn häsýetde ýarag we harby enjam taýarlaýyş bilen bagly hökümetara ylalaşykdan çekilmek barada karar kabul etdi

843657
Ukraina Russiýa bilen ozal gazanylan ýene-de bir ylalaşykdan çekildi

Premýer ministr Wladimir Groýsmanyň ýolbaşçylygynda ýygnanan Ministrler kabinetiniň mejlisinde Russiýa bilen ikitaraplaýyn häsýetde ýarag, harby enjam, material we ätiýaç şaýlarynyň öndürilmegi, abatlaýyş we beýleki harby hyzmatlaryň üpjün edilmegi bilen baglanşykly hökümetara ylalaşykdan çekilmek barada karar kabul edildi.

Ukraina bilen Russiýa ady agzalan ylalaşygy 1995-nji ýylda baglaşypdy.



Degişli Habarlar