Donald Tramp Hytaýa bardy

13 günlik Aziýa syýahadynyň çäginde Ýaponiýada we Günorta Koreýada saparda bolan Tramp indi bolsa Hytaýa bardy

843245
Donald Tramp Hytaýa bardy

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň uçary "Air Foce One" Pekin halkara howa menziline gondy.

Howa menzilinde Trampy Hytaýyň Komunist partiýasynyň Politbýuro komitediniň agzasy we diplomatiýadan jogapkär döwlet maslahatçysy Ýang Jieçy, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmileri we ABŞ-nyň Pekindäki ilçisi Terri Branstad garşylady.

Iki günlik Hytaý saparynda Tramp resmi duşuşyklar bilen birlikde käbir çärelere hem gatnaşar.

Hytaýa guran saparynyň ilkinji gününde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we aýaly Melaniýa Tramp Hytaýyň döwlet başlygy Si Szinpin we aýaly Li Pyngyüen bilen Pekindäki Tienanmen meýdançasynda ýerleşýän Gadagan köşge baryp görerler.

Ertir bolsa Tramp üçin Tienanmen meýdançasyndaky Beýik halk zalynda resmi gaşylama dabarasy geçiriler.

Dabaradan soň ABŞ-nyň we Hytaýyň liderleri duşuşyk geçirerler.

Trampa Hytaý saparynda 11-i energetika ugrunda iş alyp barýan 29 kärhananyň wekilleri ýoldaşlyk edýär.

Donald Tramp Hytaýyň Komunist partiýasynyň kongresinden soň Hytaýa Prezident derejesinde sapar guran ilkinji lider boldy.

Pekin saparyndan soň Tramp 10-12-nji noýabr aralygynda Wýetnama, 12-13-nji noýabr aralygynda bolsa Filippinlere sapar gurar.



Degişli Habarlar