Russiýa DAIŞ-den soň hem Siriýada galyp biler

Oleg Syromolotow DAIŞ-iň häzirki wagtda Siriýanyň territoriýasynyň 10 göterimini gözegçilik edýändigini belledi

842107
Russiýa DAIŞ-den soň hem Siriýada galyp biler

 

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotow rus harbylaryň Siriýadaky Hmeýmim we Tartus bazalarynda terror guramasy DAIŞ-iň dolulygyna ýeňilişe sezewar edileninden soň hem galyp biljekdigini habar berdi.

Oleg Syromolotow Russiýanyň goşunynyň Siriýadan çekilmek etabynyň bolsa öňümizdäki ýagdaýlara bagly boljakdygyny belledi.

DAIŞ-iň häzirki wagtda Siriýanyň territoriýasynyň 10 göterimini gözegçilik edýändigini, mundan başgada Al Nusranyň hem öz barlygyny görkezýändigini aýdan Oleg Syromolotow ondan başga bolsa hereket edýän ýaragly toparlaryň bardygyny mälim etdi.

Oleg Syromolotow: “Duýdansyz ýagdaýda garaşylmadyk aktýorlar çaknyşyga girýär. Bu aktýorlar ozal ýokdy, soň ýüze çykdy we ýagdaý dolulygyna üýtgeýär” diýdi.



Degişli Habarlar