Ukrainanyň Içeri işler ministriniň ogly göz tussaglygyna alyndy
Ukrainada Galplyga garşy göreş edarasy ýurdyň Içeri işler ministri Arsen Awakowyň ogly Aleksandr Awakowy galplyk aýyplamasy sebäpli göz tussaglygyna aldy
838263

Ukrainada Galplyga garşy göreş edarasy ýurdyň Içeri işler ministri Arsen Awakowyň ogly Aleksandr Awakowy galplyk aýyplamasy sebäpli göz tussaglygyna aldy.
Galplyga garşy göreş prokuraturasy tarapyndan soraga çekilen Aleksandr Awakow Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin rýukzak (goştorba) satyn alynmagynda galplyk etmek we öz haýryna pul geçirmek bilen aýyplanýar.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Galplyga garşy göreş edarasynyň geçiren operasiýasynyň syýasy maksatlydygy öňe sürüldi.
Galplyga garşy göreş edarasynyň beren beýanatynda bolsa alyp barýan işlerinde syýasatyň rolunyň ýokdygy nygtaldy.
Degişli Habarlar

Jon Baýden Kanadada Saparda Boldy
Baýden bilen Trýudo özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.