Şinzo Abe ýaňadandan Premýer ministrlige saýlandy

Ýaponiýada 22-nji oktýabrda geçirilen umumy saýlawlaryň ýeňijisi bolan Liberal Demokratlar partiýasynyň lideri Şinzo Abe ýaňadandan Premýer ministr wezipesine saýlandy

838462
Şinzo Abe ýaňadandan Premýer ministrlige saýlandy

Kýodo agentliginiň habaryna görä partiýasy Diet diýip atlandyrylýan parlamendiň aşakgy ganady bolan Wekiller mejlisiniň agzalarynyň saýlanan saýlawynda üstünlik gazanan Şinzo Abe mejlisde geçirilen ýörite bölümde bolsa ýaňadandan Premýer ministr wezipesine saýlandy.

Şinzo Abeniň täze hökümetde ozalky ministrleriň ählisini wezipelerinde goýmagyna garaşylýar.

Ýaponiaýda sentýabr aýynda işi besedilen Wekiller mejlisiniň agzalaryny saýlamak üçin geçirilýän umumy saýlawda Abeniň ýolbaşçylygyndaky Liberal Demokratlar partiýasy parlamendiň aşakgy ganadynda 2/3 derejede köplüge eýe boldy.

Ýurtda parlamendiň ýokarky ganady bolan Senat saýlawlary 2016-njy ýylyň iýul aýynda geçirilipdi.

Ýaponiýanyň Parlamendini (Diet) emele getirýän Senat we Wekiller mejlisiniň agzalary halk tarapyndan saýlanýar.



Degişli Habarlar