Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Nýu Ýorkda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Nýu Ýorkda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Ahmed Al Useýmin mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “düýn guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, Amerikan halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris" diýdi

Asuda ilara garşy guralan şuňa meňzeş hüjümlere gynanç bildirýändigini aýdan Useýmin, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň zuluma we terrora garşy durýandygyny ýene-de bir gezek gaýtalady.

Useýmin terroryň dininiň, ýurdunyň we kowmunyň ýokdygyny, ähli terror guramalaryna garşy sebitara we halkara derejesinde göreşilmelidigini belledi.

 



Degişli Habarlar