Stoltenberg "S-400 Türkiýäniň milli karary" diýdi

“Türkiýäniň Russiýa bilen baglaşan S-400 şertnamasy şol ýurduň milli kararydyr”

838150
Stoltenberg "S-400 Türkiýäniň milli karary" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Moskwa bilen Ankaranyň S-400 roketa goranyş ulgamlary hakyndaky şertnamasyny Türkiýäniň milli karary hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokýoda metbugata beýanat beren Stoltenberg “Türkiýäniň Russiýa bilen baglaşan S-400 şertnamasynyň çäginde alan täze howadan goranyş ulgamlary hakyndaky karary şol ýurduň milli kararydyr” diýdi.

Stoltenberg ozal Türkiýäniň Russiýadan S-400 ulgamyny satyn alamgy hakynda beren beýanatynda “NATO agza ýurtlar haýsydyr bir harby enjam satyn almak üçin özleri karar berer” diýip S-400 ulgamynyň NATO utgaşykly ýagdaýa getirilmegi üçin Türkiýeden hiç hili ýüz tutmanyň edilmändigini aýdypdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar