Müsüriň ýaragly güýçleri Gaza serhedinde 3 tuneli ýykdy

Beýanatda üstümizdäki aý dürli milletlerden bolan 440 gaçgagyň saklanandygy nygtaldy

838143
Müsüriň ýaragly güýçleri Gaza serhedinde 3 tuneli ýykdy

Müsüriň Ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşçisi Temir Ar Rifai beren ýazmaça beýanatynda Müsür-Gaza serhedinde anyklanylan 3 tuneliň ýykylandygyny habar berdi.

Beýanatda üstümizdäki aý dürli milletlerden bolan 440 gaçgagyň saklanandygy nygtaldy.

Ady agzalýan gaçgaklaryň nirede saklanandyklary hakynda maglumat berilmedi.

Ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä, sentýabr aýyndan bäri saklanan gaçgaklaryň sany 1231 adama ýetdi.

Gaçgaklaryň Müsüriň demirgazygyndan Ortaýer deňzi arkaly Ýewropa, gündogaryndan bolsa Ysraýyla geçmek isleýändigi nygtalýar.

Müsürde 2013-nji ýylyň 3-nji iýulynda guralan harby agdarlyşyk netijesinde häkimiýetiň başyna gelen hökümet, palestinalylaryň jan damary hökmünde görýän tunelleriniň bir bölegini ýykypdy.

 



Degişli Habarlar