Ysraýylyň Gazada tuneli ýarmagy sebäpli 8 adam ýogaldy

Ysraýylyň Gazza sektorynyň golaýyndaky tuneli ýarmagy sebäpli 8 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy

837382
Ysraýylyň Gazada tuneli ýarmagy sebäpli 8 adam ýogaldy

Palestinanyň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra mesele hakynda metbugata beren beýanatynda halas ediş toparlarynyň harabalygyň aşagyndan 8 adamyň jesedini tapandygyny, wakada 12 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Yslamy Jihad hereketiniň ýaragly toparyndan berlen ýazmaça beýanatda hem wakada ýogalanlardan 4 adamyň Yslamy Jihad hereketiniň agzasydygy nygtaldy.

Yslamy Jihad hereketi ýogalanlaryň aryny aljakdyklaryny mälim etdi.

Hamasyň ýaragly toparyndan berlen beýanatda bolsa hüjümde tuneliň harabalygynda galan we gözleg we halas ediş işlerinde ýogalan 2 adamyň Hamasyň ýaragly toparynyň agzasydygy bellenildi

 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Palestina , #Gaza , #tunel , #Hamas

Degişli Habarlar