Talibanly terrorçylar polisiýa bölümine hüjüm guradylar

Wakada 6 adam ýogaldy

837022
Talibanly terrorçylar polisiýa bölümine hüjüm guradylar

Owganystanda Talibana agza terrorçylaryň polisiýa bölümine guran hüjüminde polisiýa gullugynyň 6 işgäri ýogaldy.

Howpsyzlyk çeşmeleri terrorçylaryň Zabul welaýatynyň Argandab etrabyndaky polisiýa bölümine guran hüjüminiň netijesinde şeýle hem 3 polisiýa ýaralanandygy mälim edildi.

Hüjümden soň bolan çaknyşykda 8 terrorçynyň öldürilendigi, 12 terrorçynyň bolsa ýaralandygy berilen maglumatlaryň arasynda.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda hüjümde polisiýa gullugynyň 8 işgäriniň öldürilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar