Siriýaly oppozisionerler birleşýär

Siriýaly oppozisioner toparlar Türkiýäniň tagallasy bilen birleşýär

834258
Siriýaly oppozisionerler birleşýär

Siriýaly oppozisionerler we rewolýusioner güýçler milli koalisiýasy bilen Azat Siriýa goşunyna degişli 35 topar özara ylalaşdylar. 

Oppozisionerler Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň 2016-njy ýylyň awgust aýynda başlan we 7 aý dowam eden Ýewfrat galkany operasiýasy bilen terror guramasy DAIŞ-den saplanan sebitlerde ýaşamak we bilelikde hereket etmek barada karar kabul etdiler. 

Siriýanyň Halap welaýatynyň Azez etrabynda bir ýere jemlenen serkerdeler we syýasy wekiller birleşen toparlar bilen Milli Siriýa goşunyny döretmek barada karar kabul etdiler. 

Ähli toparlar ýaraglaryny, harby enjamlaryny, ulaglaryny we ştablaryny Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Goranmak ministrligine bererler.

Şony kabul etmeýän toparlara garşy bolsa sanksiýalar giriziler. 

 



Degişli Habarlar