"5 aýdan bäri dowam edýän Pars aýlag krizisine uly alada bildirýäris"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson ýurdunyň 5 aýdan bäri dowam edýän Pars aýlag krizisine uly alada bildirýändigini aýtdy

832491
"5 aýdan bäri dowam edýän Pars aýlag krizisine uly alada bildirýäris"

Tillerson Kataryň paýtagty Dohada Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Pars aýlag hyzmatdaşlyk ýurtlarynyň birlikde işleşmelidigine ünsi çeken Tillerson 5 aýdan bäri dowam edýän krizise alada bildirýändiklerini nygtady.

Taraplara dialog çagyryşyny beren Tillerson ýurdunyň Kuweýdiň dartgynlygyň çözülmegi baradaky tagallasyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Ýurdunyň Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçiren bikanun garaşsyzlyk referendumyna goldaw bermeýändigine ünsi çeken Tillerson “DAİŞ-e garşy söweşilýändigi üçin garaşsyzlyk referendumyny geçirmegiň wagty däl” diýdi.

Al Sani bolsa Kataryň Emiri Temim Bin Hamed Al Saniniň ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Aýlag krizisiniň çözülmegi üçin edýän tagallasy hakynda öwgüli sözler aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Tillerson Saud Arabystanyndan soň 5 ýurdy öz içine alýan saparynyň ikinji duralgasy bolan Katara bardy.



Degişli Habarlar