Yragyň harby güýçleri öňe barýar

Yragyň harby goşunlary Kerkukda K1 harby howa bazasy bilen birlikde köp sanly ýeri aldy

827827
Yragyň harby güýçleri öňe barýar

Yragyň harby güýçleri Kerkukdaky Baba Kakkar we Bai Hassan nebit känlerine çenli baryp ýetdi.

Yragyň döwlet teleýaýlymy Yragyň harby goşunlarynyň Kerkugyň esasy bölegi alandygyny habar berdi.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan häzirki wagta çenli alynan ýerleriň hatarynda: Halid harby düşelgesi, Kerkuk tebigy gaz bekedi, Shoriža, Kerkugyň senagat zolagy we Sari Tappah diýilýän ýerler bar.

Peşmerge güýçleri bolsa Kerkugyň günortasyndan yza çekilmäge başlady.

Beýleki tarapdan Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi peşmerge güýçlerini federal güýçlere tabynlykda hereket etmäge çagyrdy.

Abadi Yragyň harby güýçleri Erbil-Kerkuk we Süleýmaniýe-Kerkuk ýollarynyň gözegçiligini ele alýarka  Kürt Awtonomiýasynyň lideri Mesud Barzana tabynlykdaky Peşmerge güýçlerine çagyryş edip, peşmergäniň Yragyň merkezi hökümetine tabynlkda hereket etmelidigini aýtdy.



Degişli Habarlar