Şa Salmanyň taryhy Russiýa saparynda iki ýurduň arasynda ýarag şertnamasy baglaşyldy

Goreslawski şertnama hakynda giňişleýin maglumat bermedi

827847
Şa Salmanyň taryhy Russiýa saparynda iki ýurduň arasynda ýarag şertnamasy baglaşyldy

Russiýanyň iň uly ýarag firmasy Rosoboroneksportyň Baş müdüriniň orunbasary Sergeý Goreslawskiý Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň Russiýa guran taryhy saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda ýarag şertnamasynyň baglaşylandygyny aýtdy.

Goreslawski şertnama hakynda giňişleýin maglumat bermedi.

Russiýanyň Federal Tehniki hyzmatdaşlyk geňeşiniň metbugat sekretary Mariýa Worobýewa hem ozal beren beýanatynda Russiýa bilen Saud Arabystanynyň S-400 roketa goranyş ulgamynyň satyn alynmagy meselesinde şertnama baglaşandygyny aýdypdy.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz üstümizdäki aýyň başynda Russiýa guran sapary bilen Russiýa sapar guran Saud Arabystanynyň ilkinji Şasy bolupdy.

 



Degişli Habarlar