Russiýa-ABŞ dartgynlygy dowam edýär

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik dartgynlyk dowam edýär

824870
Russiýa-ABŞ dartgynlygy dowam edýär

Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýurtdaky amerikaly diplomatlaryň sanyny 300 adamdan hem azaldyp biljekdiklerini belledi.

Beýanat Russiýanyň Daşary işler ministrligine degişli Demirgazyk Amerika bölüminiň başlygy Georgiý Borisenko tarapyndan berildi.

Georgiý Borisenko Moskwanyň iki ýurdyň diplomatik wekilhanalardaky işleýän adamlaryň sanyny deňleşdirmegi talap edip biljekdigini, olar ýaly ýagdaý bolan halatynda bolsa Russiýadaky Amerikan diplomatlaryň sanynyň 300-den hem azaldylyp bilinjekdigini belledi.

Iýyl aýynda resmi Moskwa Waşingtondan Russiýada işleýän tehniki we diplomatik işgärleriň sanynyň takmynan 60 göterim azaldylmagyny isläpdi.

Bu san 455 diplomata deň gelýär.

ABŞ-da işleýän rus diplomatlaryň sany hem şol töwerek.

Amerikanyň hökümeti öz topraklaryndaky rus diplomatlaryň sanyna Nýu-Ýorkdaky BMG-da işleýän rus işgärleri hem goşmak islemegi bilen iki ýurdyň arasynda diplomatik dartgynlyk başlapdy.



Degişli Habarlar