Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň dogany ýogaldy

Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň iki gün ozal ýogalan dogany Dawud Ahmedinežad düýn Tähranda jaýlandy

820925
Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežadyň dogany ýogaldy

Eýranyň ýarym resmi habarlar agentligi Tasnimiň berýän habaryna görä Dawud Ahmedinežad Ensarul Mehdi metjidinde okalan jynaza namazyndan soň paýtagt Tähranyň günortasyndaky Beheşti Zehra gonamçylygynda jaýlandy.

Jynaza Mahmud Ahmedinežad bilen birlikde Tähran welaýatynyň ozalky häkimi Murtaza Temeddün we ýurdyň ozalky ministrleri gatnaşdylar.

Eýranyň Ynkylap goragçylary we Içeri işler müdürliginde tapawutly wezipelerde işlän 67 ýaşly Dawud Ahmedinežad düýn Tährandaky hassahanalaryň birinde ýogalypdy.



Degişli Habarlar