ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dartgynlyk möwjeýär
ABŞ-nyň döwlet sekretary Tillersonyň Hytaýa guran saparynda Demirgazyk Koreýa bilen aragatnaşyk ulgamynyň açykdygyny beýan etmeginden soň Prezident Tramp garaşylmadyk garaýyş beýan etdi
Prezident Donald Tramp Resks Tillersonyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong bilen gepleşik geçirmek boýunça başlangyjyny “wagt ýitirmek” hökmünde häsýetlendirdi.
Tramp Twitter arkaly beren beýannamasynda Tillersona wagtyny ýerliksiz sarp edýändigini aýdandygyny nygtady.
Donald Tramp; “Güýjüňi ýöne ýere sarp etme Reks, degişli çäräni göreris” diýdi.
Reks Tillerson düýn beren beýannamasynda Koreý ýarym adasyndaky dartgynlygyň gowşadylmagy üçin çagyryş edip, Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglaryny bes etmeginiň hökmanydygyny aýdypdy.
Hytaýyň resmi Phenýany ýadro maksatnamasyny bes etmek baradaky gepleşiklere ýaňadandan başlamaga razy etmek üçin uly tagalla edýändigini aýdan Tillerson; “Dessine dartgynlygyň gowşadylmalydygyny” nygtapdy.
Beýleki tarapdan Demirgazyk Koreýanyň dartgynlygy güýçlendiriji çykyşlary hem dowam edýär.
Demirgazyk Koreýa Aziýa-Ýuwaş Umman Parahatçylyk Komitetinden adynyň tutulmagyny islemedik resmilerden biri duşmançylykly çemeleşmegi bes etmän halatynda ABŞ-ny “ot denizine” öwürmäge taýardyklaryny beýan etdi.
Beýannamada Tramp barada aýdylan: “Akyl-huşy çaşan” görnüşli sözler ünsleri çekdi.