Yragyň Mejlisi Kürt Awtonomiýasyndaky daşary ýurt wekilhanalarynyň ýapylmagy barada karar kabul etdi

"Referendumda ses beren ähli kürt döwlet gullukçylary wezipesini dowam etdirer”

815656
Yragyň Mejlisi Kürt Awtonomiýasyndaky daşary ýurt wekilhanalarynyň ýapylmagy barada karar kabul etdi

Bu barada Mejlisiň Metbugat merkezinden berilen beýannamada aýdylýar

Metbugat merkeziniň beýannamasynda: “Hökümet Kürt Awtonomiýasyndaky daşary ýurt diplomatik wekillerini çagyryp, şol ýerdäki wekilhanalaryň ýapylyp, Kürt Awtonomiýasynyň daşyndaky şäherlere göçürmegi barada Mejlisiň çykaran kararyny gowşurmaly” diýilýär.

Mejlisiň kabul eden kararlarynyň çäginde “Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň gözegçilik edýän ähli gümrük geçelgelerini ýapmak we şolardan ýurda geçiriljek harytlary “gaçak haryt” hökmünde kabul etme ygtyýarynyň” berilendigini mälim edýän beýannamada, Prezident Fuad Masumyň hem “konsitutsiýa laýyk hereket edip, ýurduň özygtyýarlylygyny, jebisligini, agzybirligini, territorial bitewiligini we halkynyň asudalygyny” goramagy islenýär.

Beýleki kararda bolsa: “Referendumda ses beren ähli kürt döwlet gullukçylary wezipesini dowam etdirer” diýilýär.

Yragyň Mejlisi: “referendum ýok hasap edilmäň halatynda höklümetiň Kürt Awtonomiýasy bilen haýsydyr bir şertli gepleşiklere başlamazlygy, Kerkuk bilen jedelli beýleki ýerlerde ýerleşýän nebit guýularynyň gözegçiliginiň merkezi hökümete degişli bolmagy we şol ýerdäki syýasy partiýalara degişli güýçleriň hökmürowanlygynyň ortadan aýrylmagy” barada karar kabul etdi.

 



Degişli Habarlar