ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Hytaýda saparda bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Hytaýda ýokary derejeli gepleşikler geçirer

814886
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Hytaýda saparda bolar

Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisi Heather Nauert mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Tillersonyň 28-nji sentaýbr bilen oktaýbr aýynyň 1-i aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda saparda boljakdygyny mälim etdi.

Beýanatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň noýabr aýynda Hytaýa gurajak saparynyň öňüsyrasynda Döwlet sekretary Tillersonyň şol ýurtda ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşjakdygyna üns çekildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary hökmünde mart aýynda Hytaýa  ilkinji saparyny guran Tillersonyň ikinji saparynyň çäginde Koreýa Ýarym adasynyň ýadro ýaragyndan saplanmagy meselesi bilen iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar