Rus general Siriýada öldürildi

Russiýanyň Siriýadaky ýokary derejeli harby maslahatçylarynyň biri bolan general-leýtenant Waleriý Asapow Deýrizor şäherinde terror guramasy DAIŞ-iň guran hüjüminde öldürildi

813859
Rus general Siriýada öldürildi

Russiýa Today habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanaty bilen 5-nji Goşunyň serkerdelerinden Asapowyň Siriýada terror guramasy DAIŞ-iň minomýot bilen guran hüjüminde agyr ýaralanyp ýogalandygyny mälim etdi.

Deýrizor şäheriniň golaýynda Başar Asada bagly güýçlere harby maslahat beren Asapowyň hüjüm guralan mahaly ştablaryň birinde bolandygy aýdylýan beýanatda hüjümde Asapowyň terjimeçisiniň we ýanyndaky 2 ofiseriniň hem ýogalandygy habar berildi.

Asapow Russiýanyň Siriýadaky ýokary derejeli harby maslahatçylarynyň biridi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow generalyň ABŞ-nyň iki ýüzli syýasatynyň netijesinde ölendigini belledi.



Degişli Habarlar