Ýemende holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Ýemende mergi (holera) sebäpli ýogalýan adamlaryň sany 2101-e ýetdi

810880
Ýemende holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän hasabatynda 27-nji aprelden bäri 698 müň 371 adamyň mergi keseli bilen keselländigi we epidemiýa sebäpli 2101 adamyň ýogalandygy mälim edildi.

Hasabatda kesellän adamlaryň 25 göteriminiň çagalardan ybaratdygy, 55,5 göteriminiň bolsa 18 ýaşdan kiçi çagalardan ybaratdygy habar berildi.

Ýemende 2 ýyldan gowrak wagt dowam edýän çaknyşyklar sebäpli ýurdyň öz içinde öýlerini terk eden 3 million adamyň arassa agyz suwunyň bolmazlygy we zir-zibilleriň ýygnalmaýanlygy sebäpli holera ýagny mergi keseli bilen keselleýän adamlaryň sany gün saýyn artýar.

 


Etiketkalar: #holera , #mergi , #epidemiýa , #çaga , #Ýemen , #suw

Degişli Habarlar