Britaniýa Mýanmanyň ýaragly güýçleri bilen edýän harby gatnaşyklaryny saklady

Resmi beýanata görä, Britaniýanyň Mýanmanyň ýaragly güýçlerine ýylda 305 müň sterlinlik bujetiň çäginde demokratiýa, liderler we iňlis dili dersini berýär

810787
Britaniýa Mýanmanyň ýaragly güýçleri bilen edýän harby gatnaşyklaryny saklady

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý ýurdunyň Mýanmanyň ýaragly güýçleri bilen edýän harby gatnaşyklaryny we Mýanmaly esgerlere berilýän harby tälimiň saklanandygyny habar berdi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu Ýorka giden Meý, Mýanmada başdan geçirilýän wakalar hakynda eden çykyşynda “Mýanmada Arakanlylaryň ýagdaýyna uly alada bildirýäris. Arakanlylara garşy guralýan harby hüjümler bes edilmeli” diýdi.

Arakanly köp sanly adamyň janlaryny halas etmek üçin ýurduny terk edendigini aýdan Meý “Mýanmanyň lideri Aung San Suu Çii bilen Mýanmanyň hökümeti hüjümleriň bes edilmegidigini isleýändiklerini açyk aýdyň görkezmeli” diýdi.

Arakanly musulmanlaryň ýagdaýyna halkara jemgyýetçiliginiň hem alada bildirýändigini aýdan Meý “Britaniýanyň hökümeti hökmünde şu günden başlap bu mesele çözülýänçä Mýanmanyň ýaragly güýçleri bilen edýän harby gatnaşyklarymyzy we esgerlere berilýän harby tälimi saklandygymyzy yglan edýäris” diýdi.

Resmi beýanata görä, Britaniýanyň Mýanmanyň ýaragly güýçlerine ýylda 305 müň sterlinlik bujetiň çäginde demokratiýa, liderler we iňlis dili dersini berýär.

 



Degişli Habarlar