Arakanly musulmanlar açlyk howpuny başdan geçirýär

Mýanmanyň Arakan welaýatynda ýaragly güýçler bilen budist milletçileriň hüjümlerinden gaçyp Bangladeşe gelen Arakanly musulmanlar açlyk howpuny başdan geçirýär

809760
Arakanly musulmanlar açlyk howpuny başdan geçirýär

Iňlis Independent gazetiniň habaryna görä “Çagalary halas ediň” gaznasynyň Bangladeşden jogapkär müdüri Mark Praýs Bangladeşe geçen ýüz müňlerçe Arakanly musulmanyň azyk we suw ýetmezçiligini başdan geçirýändigini belledi.

Praýs “Birnäçe adam aç, ýadaw we ýanlarynda azyk we suw bolmazdan Bangladeşe gelýär” diýdi.

Praýs Bangladeşdäki Arakanly musulmanlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi baradaky tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmedligini belledi.

Gazna tarapyndan berlen beýanatda üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 600 müňi çaga jemi 1 milliondan gowrak Arakanly musulmanyň Bangladeşe geçmegine garaşylýandygyna üns çekildi.

Mýanmanyň ýaragly güýçleriniň ýaragly başbozarlara garşy göreş bahanasy bilen 25-nji awgustdan bäri Arakanda guraýan hüjümlerinde müňlerçe musulman ýogaldy.

25-nji awgustdan bäri Bangladeşe 400 müňe golaý Arakanly musulman geldi.

Mýanmadan gaçyp Bangladeşe gelen Arakanly musulmanlaryň 200 müňden gowragy çagalardan ybarat.

 



Degişli Habarlar