ABŞ DSG-ä agyr ýarag we sowutly ulag kömegini bermäge dowam edýär

ABŞ aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-ni öz içine alýan Demokratik Siriýa güýçleri DSG-ä agyr ýarag we sowutly ulag kömegini bermäge dowam edýär

810129
ABŞ DSG-ä agyr ýarag we sowutly ulag kömegini bermäge dowam edýär

Mesele hakynda Sputnige beýanat beren DSG-li ýolbaşçy ABŞ-nyň ugradan ýarag we sowutly ulaglarynyň özlerine gelip gowşandygyny nygtap, “ ABŞ Rakka operasiýasynyň çäginde bize sowutly ulaglar bilen agyr ýaraglar ugratdy. Geçen hepde bolsa Deýr ez Zor operasiýasy üçin ugradypdy. Şu gün bize gelip gowşan ýaraglaryň arasynda birnäçe görnüşli ýarag bar” diýdi.

120 konteýner bilen daşalan ýaraglar we sowutly ulaglar Yragyň demirgazygynda gara ýoly bilen Semelka gümrük geçelgesinden Rožawaýa gelenden soň Rakkanyň gündogaryndaky we günortasyndaky DSG-ä berildi.

ABŞ häzire çenli DSG-ä 1600 konteýnerlik agyr ýarag we sowutly ulag ugradty.

Resmi Ankara ÝPG-ä ýarag kömeginiň berilmegine berk garşylyk görkezýär.

 


Etiketkalar: #DSG , #Rakka , #ABŞ , #ýarag

Degişli Habarlar