Kopengageniň howa menzilinde bomba howsalasy
Operasiýa sapýorlar bilen birlikde agyr ýaraglar bilen üpjün edilen köp sanda polis işgäri gatnaşdy

Daniýanyň paýtagty Kopengagendäki howa menziliniň uly bagaž bölümine berilen bir pakediň şübhe astyna girmegi sebäpli giň-gerimli howpsyzlyk çäreleri görüldi. Howa menziliniň Terminal 2 bölümi ençeme sagatlygyna ýapyldy.
Terminal 2-ni ýapan we şübhe astyna giren pakediň ýüklenjek uçary gyra çekdiren polisiýa gullugy uçaryň içindäkileri çykaranyndan soň, hem uçaryň içinde hem-de bagažlaryň arasynda gözleg işlerini geçirdi.
Polisiýa gullugynyň işgärleri pakediň eýeleri bolan bir maşgalany hem soraga çekdi.
Operasiýa sapýorlar bilen birlikde agyr ýaraglar bilen üpjün edilen köp sanda polis işgäri gatnaşdy.
Kopengageniň polisiýa gullugy özlerini herekede geçiren pakediň howp abandyrmaýandygyny belledi.
Ençeme sagat ýapyk bolan howa menziliniň degişli bölümi açylanyndan soň uçar gatnawlary kadalaşdy.
Degişli Habarlar

Galla Ýüklenen Ýene-de 2 Gämi Ukrainadan Ugrady
Lalla ylalaşygynyň çäginde, galla ýüklenen gämiler Ukrainadan ugramaga dowam edýär