Liwan DAIŞ-e garşy göreşde ýeňiş gazandy

“DAIŞ-e garşy guralan “Daglaryň şapagy operasiýasy üstünlikli ýagdaýda tamamlandy. Şu gün goşunymyzyň ýeňişini yglan edýäris”

798925
Liwan DAIŞ-e garşy göreşde ýeňiş gazandy

 

Liwanyň Prezidenti Mişel Awn DAIŞ-e garşy guralan operasiýanyň netijelidigini nygtady we bu ýagdaýy goşunyň ýeňişi hökmünde häsiýetlendirdi.

Paýtagt Beýrudyň günortasynda ýerleşýän Baabda Prezident köşgünde metbugata beýanat beren Awn “DAIŞ-e garşy guralan “Daglaryň şapagy operasiýasy üstünlikli ýagdaýda tamamlandy. Şu gün goşunymyzyň ýeňişini yglan edýäris” diýdi.

Liwanyň ýaragly güýçlerini gutlan Prezident Awn “Uly ýeňiş gazanan goşunymyz ýurdumyzy terrorçylardan saplady. Ýaragly güýçlerimizi gazanan uly ýeňişi bilen gutlaýaryn we şehit esgerlerimiziň öňünde baş egýäris” diýdi.

Liwanyň ýaragly güýçleri 19-njy awgustda terror guramasy DAIŞ-e garşy başladan “Daglaryň şapagy” operasiýasynda 27-nji awsutda çaknyşyklaryň bes edilendigini yglan etdi. Ertesi gün hem operasiýanyn tamamlanandygyny mälim etdi.

Operasiýada Liwanly 7 esger ýogaldy, 16 esger ýaralandy.

Liwanyň ýaragly güýçleri bilen DAIŞ-iň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde DAIŞ-iň 2014-nji ýylda zamun alan Liwanly 9 esgeriň tabydyny Liwanly ýolbaşçylary berdi we terror guramasy Siriýanyň Daýrizor şäherine çekildi.

 



Degişli Habarlar