Yragyň Ýaragly güýçleri Telaferiň uly bölegini basyp aldy

Yragyň Ýaragly güýçleri türkmen şäheri Telaferiň uly bölegini terror guramasy DAIŞ-den basyp aldy

797944
Yragyň Ýaragly güýçleri Telaferiň uly bölegini basyp aldy

Telaferiň töweregindäki 47 obadan 38-i Yragyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan basylyp alynyp, bomba ýüklenen 72 ulag täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Eýýäm 8 gün dowam edýän operasiýada 370 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, sebitde ýaşaýan 16600 türkmen howpsyz ýerlere göçürildi.

40 müň esger bilen geçirilen Telafer operasiýasynda 29 etrapça dolulygyna Yragyň Ýaragly güýçleriniň eline geçdi.

Ele geçirilen ýerleriň arasynda Telaferde terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň adamlary gynamak üçin ulanan tussaghana hem bar.

Telaferde terror guramasynyň agzalarynyň garşylyk görkezýän käbir ýerlerinde bolsa çaknyşyklar dowam edýär.

Etrapdan gaçan terrorçylar 11 km uzaklykdaky Eýaziýe diýilen ýerde gabaw astyna alyndy.

Yrakly resmiler Eýaziýeniň hem basylyp alynmagyndan soň gutarnykly ýeňişi yglan etmegi meýilleşdirýärler.


Etiketkalar: #Telafer , #Yrak , #DAIŞ , #oba , #etrapça

Degişli Habarlar