BMG Rakkada bombaly hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegi çagyryşyny berdi

BMG Siriýanyň Rakka şäherinde bombaly hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegi çagyryşyny berdi

796386
BMG Rakkada bombaly hüjümleriň wagtlaýyn bes edilmegi çagyryşyny berdi

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Misturanyň kömekçisi Egeland Rakkada gabaw astyndaky 20 müň adamyň başga ýere göçürilmegi üçin ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň bombaly hüjümlerini wagtlaýyn bes etmekleri çagyryşyny berdi.

Egeland Halkara Siriýa goldaw toparynyň BMG-nyň Ženewadaky merkezinde geçiren maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Siriýada henizem 11 etrabyň gabaw astyndadygyny we şol etraplarda 540 müň adamyň ýaşaýandygyny aýdan Egeland “Gabaw astyndaky şol etraplardaky halka ynsanperwer kömegi berlip bilinmeýär, asuda ilat arkaýyn hereket edip bilmeýär” diýdi.

Egeland Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky Rakka şäherindäki 5 etrapçada gabaw astyndaky 20 müň adamyň howpsyz ýerlere gitmäge synanşýandygyny nygtady.

 


Etiketkalar: #BMG , #çagyryş , #Siriýa , #Ženewa , #Rakka

Degişli Habarlar