Russiýa ABŞ-a jogap bermäge taýarlanýar

ABŞ-nyň Milli Gazna ministrliginiň ýene-de 1 rus kärhanany we 4 rus raýatyny Demirgazyk Koreýa bilen gatnaşyklary bardygyny öňe sürip sanksiýa sanawyna almagyndan soň, resmi Moskwa sanskiýalara garşy jogap bermäge taýarlyk görmäge başlady

795303
Russiýa ABŞ-a jogap bermäge taýarlanýar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowyň ABŞ-nyň täze sanksiýalary bilen baglanşykly: “Ähli krizisleriň hemişe diýalog arkaly çözülmeginiň tarapdary bolupdyk we mundan soň hem bolarys. Soňky ýyllarda Waşington biz üçin sanksiýalaryň kabul edilip bilinmejekdigini we esasy meseleleriň çözgüdiniň şular ýaly ädimler bilen diňe öňüne böwet bolýandygyny bilmelidi, emma häzirki wagta çenli olarda bular ýaly bir düşünjäniň bardygy görünenok” diýdi.

Sergeý Rýabkow: “Ondada amerikaly kärdeşlerimiziň sanksiýalaryny has hem garjaşyk ýagdaýa öwürmegiň manysynyň ýokdugyny we zeper ýetirip biljek derejesini biljekdigi baradaky umydymyzy ýitiremzok. Bu ýagdaýa garşy jogap sanksiýalar üçin işe girişdik” diýdi.



Degişli Habarlar