Italiýada ýer titremesi boldy

Italiýanyň günbatarynda güýç merkezi Iskýa adasy bolan 3,6 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

794163
Italiýada ýer titremesi boldy

Napoli şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Iskýa adasynyň golaýynda ýerli wagt bilen sagat 20:57-de 3,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Milli geofizika we wulkanologiýa institutynyň beýanatyna görä ýer titremäniň adanyň günbatarynda deňiziň 10 km aşagynda emele geldi.

Italiýanyň Rainews24 kanalynyň berýän habarynda adada gorka we panika sebäp bolan ýer titremesiniň maddy taýdan zepere sebäp bolandygy we ilkinji kesgitlemelere görä 2 adamyň ýogalandygy, 1-niň ýagdaýy agyr bolan 39 adamyň ýaralandygyny 10 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi habar berildi.

Adada ýangyn söndüriji we halas ediş toparlarynyň gözleg we halas ediş işlerine başlandygy bellendi.

Sebitdäki şaýatlar ýer titremäniň täsiri bilen zeper ýeten ýerleriň köp bolup biljekdigini nygtaýarlar.

Italiýada geçen ýylyň 24-nji awgustynda güýç merkezi Akkumoli bolan 6 bal ululygyndaky ýer titremesinde esasan hem Amatrsie şäherçesi we onuň töwreginde 300 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar