Fransiýanyň paýtagty Parižiň golaýynda partlaýjy we ýarag doly ammar tapyldy

Fransiýanyň paýtagty Parižiň demirgazygyndaky Sen-Deni diýilen ýerde partlaýjy we ýaragdan doly ammar tapyldy

793520
Fransiýanyň paýtagty Parižiň golaýynda partlaýjy we ýarag doly ammar tapyldy

Sen-Denide welosiped satylýan dükanyň içinde ýüze çykarylan ammarda 3 partlaýjy, 2-si seçmedan bolan biri-birinden tapawutly ýaraglar we olaryň ok-därileri, amerikan önümi bolan taňka garşy raketa, polis žiletleri, polisiň käbir enjamlary, 40 kg marihuana we 10 müň ýewro pul ele salyndy.

Waka bilen baglanşykly 30 we 40 ýaşlarynda 2 adamyň göz tussaglygyna alynandygy habar berildi.

Göz tussaglygyna alynan adamlaryň ogurlyk we gaçgakçylyk ýaly jenaýatlardan polisiýa gullugynda ozaldan bellikleri bardygy mälim edildi.

Göz tussaglygygyna alynan adamlaryň biri ýaraglaryň, pulyň we marihuananyň özüne degişlidigini kabul edendigi bellendi. Beýleki tussaglynyň bolsa diňe bularyň saklanýan ýeriň eýesidigini habar berdi.



Degişli Habarlar