Guterreş Demirgazyk Koreýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk barada beýannama berdi

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň ozal görülmedik derejä ýetendigini beýan etdi

791665
Guterreş Demirgazyk Koreýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk barada beýannama berdi

Baş Sekretar; “Dartgynlyga syýasy çözgüt tapylmaly, çünki harby operasiýanyň ýüze çykarmagy ähtimaş netijelerini göz öňüne getirmek diýseň howatyrlandyryjy” diýdi.

Guterreş BMG-niň Ştab kwartirasynda geçiren metbugat ýygnagynda Demirgazyk Koreýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlk we Wenezuelladaky wakalar barada beýannama berdi.

Koreýa urşunda (1951-1953) 3 milliondan gowrak adamyň pida bolandygyny ýatladan Guterreş, ýalňşlyklary gaýtalamazlyk üçin taryhdan değerli netije çykarylmalydygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň soňky sanksiýa kararynyň Demirgazyk Koreýa çürt-kesik duýduryş berendigini nygtan Guterreş, sanksiýalaryň ähli ýurtlar tarapyndan berjaý edilmelidigine ünsi çekdi.

Guterreş; “Demirgazyk Koreýa bilen bagly dartgynlyk uzak ýyllardan bäri görülmedik çäge ýetdi. Dartgynlyga syýasy çözgüt tapylmaly, çünki harby operasiýanyň ýüze çykarmagy ähtimaş netijelerini göz öňüne getirmek diýseň howatyrlandyryjy” diýdi.



Degişli Habarlar