Pakistanda polis ulagyna ýaragly hüjüm guraldy

Hadysada 2 polis ýogaldy

788174
Pakistanda polis ulagyna ýaragly hüjüm guraldy

Pakistanyň Karaçi şäherinde polis gullugynyň ulagynyň nyşana alynyp guralan ýaragly hüjümde 2 polis ýogaldy.

Polis gullugynyň derňewçisi Zülfikar Larik polisiýanyň ýokary derejeli işgäriniň we goragçysynyň ulagyna ýaragly adamlaryň od açmaklary netijesinde ýogalandyklaryny habar berdi.

Hüjümçileriň wakanyň bolan ýerinden gaçandygyny aýdan Larik waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi.


Etiketkalar: #Pakistan , #polis , #ulag , #hüjüm

Degişli Habarlar