ABŞ-nyň ozalky esgeri ÝPG-niň hatarynda snaýper hökmünde söweşýär

Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-nyň snaýperi ABŞ-nyň ozalky esgeridigi mälim boldy

786879
ABŞ-nyň ozalky esgeri ÝPG-niň hatarynda snaýper hökmünde söweşýär

Ozal ABŞ-nyň goşunynda gulluk eden 28 ýaşly Kewin Howard Rakkada ÝPG-niň hatarynda terror guramasy DAIŞ-e garşy söweşýärkä görüldi.

Howard terror guramasy ÝPG-de snaýper.

Takmynan 2 ýyl ozal San-Fransiskodan Siriýa gelen we ÝPG-nyň hatarynda söweşmäge başlan Howard ozal Los-Anželes Times gazedine beren interwýusynda: “2006-2008-nji ýyllar aralygynda Yrakda söweşdim. Ol ýerde dostlarymy ýitirdim. Meniň pikirimçe bu hem şol söweşiň dowamy” diýipdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #gazet , #interwýu , #Yrak , #ÝPG , #PKK , #esger , #snaýper

Degişli Habarlar