Resmi Waşington bilen Phenýan biri-birine hemle atmaga dowam edýär

Tramp “Demirgazyk Koreýa ýagty geljegi üçin ABŞ-na hemle atmakdan ýüz öwürmeli, ýogsam dünýäde deňi taýy bolmazyk gahar-gazaba sezewar bolar” diýdi

786381
Resmi Waşington bilen Phenýan biri-birine hemle atmaga dowam edýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “ýadro howplary dowam eden halatynda Demirgazyk Koreýa garşy ot açarys” diýen beýanatyndan soň, Demirgazyk Koreýa hem Guamdaky Amerikan harby bazasyna balistiki roketa atyp biljekdigini mälim etdi.

Donald Tramp ýurduna hemle atmakdan ýüz öwürmegi üçin Demirgazyk Koreýa çagyryş berdi we bu çagyryşa gulak asmasa Phenýanyň ABŞ-nyň gazabyna sezewar boljakdygyny aýtdy.

Tramp “Demirgazyk Koreýa ýagty geljegi üçin ABŞ-na hemle atmakdan ýüz öwürmeli, ýogsam dünýäde deňi taýy bolmazyk gahar-gazaba sezewar bolar” diýdi.

Demirgazyk Koreýa hem bu howpa garşy Guamdaky Amerikan harby bazasyna balistiki roketa hüjümini guramak bilen hemle atdy.

 

 



Degişli Habarlar